Demirgazyk Makedoniýada prezident saýlawynyň ikinji tapgyry başlandy. 24-nji aprelde geçirilen saýlawda dalaşgärleriň hiç biri 50 göterimden köp ses alyp bilmändigi sebäpli ikinji tapgyryny geçirilmegi bellenilipdi. Demirgazyk Makedoniýada 1 million 814 müňden gowrak saýlawçy bar. Şu gün irden başlan saýlaw ýerli wagt bilen 19:00-da tamamlanýar. Ýurtda jemi 3 müň 480 saýlaw uçastogy bolup, daşary ýurtlarda ýaşaýan makedonlar bir gün ozal ses berdi.
Saýlawyň ikinji tapgyrynda Makedoniýa sosýal demokratlar bileleşiginiň (SDSM) goldaw berýän häzirki Prezident Stewo Pendarowski hem-de Makedoniýa milli demokratik bileleşiginiň (VMRO-DPMNE) dalaşgäri Gordana Silýanowska Dawkowa öz aralarynda bäsleşdi. Saýlawyň birinji tapgyrynda Dawkowa 363 müň 85, Pendarowski 180 müň 499 ses alypdy. Bu saýlaw 1991-nji ýylda ýurt garaşsyzlygyny alandan bäri 7-nji gezek geçirilýär. Döwlet ýolbaşçysy 5 ýyllyk möhlet bilen saýlanýar.
Şeýle hem ýurtda ählumumy saýlawlar hem geçirildi. 11-nji gezek geçirilen bu saýlawa 1 million 815 müň 350 saýlawçynyň ses bermäge hukugy bar. Prezident saýlawyna ses bermäge hukugy bolanlar bilen arasyndaky 1033 tapawut bolsa, soňky iki hepdede 18 ýaşyny dolduranlar sebäpli emele geldi. Kanuna görä, 18 ýaşyny dolduranlaryň saýlawlarda ses bermäge hukugy bar. Eger saýlaw ikinji tapgyra galan ýagdaýynda diňe birinji tapgyrda ses bermäge hukugy bolanlar ikinji tapgyrda ses berip bilýärler. Ýurduň parlamentinde 120 orun bolup, bu mandatlar üçin dürli syýasy partiýalardan jemi 1755 dalaşgär gatnaşdy. Olaryň 1002-siniň erkek, 753-iniň zenanlardygy mälim edildi.