Ýurdumyzda durmuş-ykdysady ulgamda baý tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmakda, içerki mümkinçilikleri daşary syýasat bilen utgaşdyryp ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda ägirt uly möçberli we giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gülläp ösüşiň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly derejede goşulyşmak ugruna eýermek bilen, Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýär.
Ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak we öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, indi birnäçe ýyl bäri «EKSPO» sergilerine işjeň gatnaşyp gelýäris. Anyk aýtsak, ilkinji gezek 2010-njy ýylda Hytaýyň Şanhaý şäherinde, 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde, 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde, 2017-nji ýylda Gazagystanyň Astana şäherinde, 2021-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «EKSPO» gözden geçirilişlerinde ýurdumyzyň mümkinçilikleri giňden açylyp görkezildi.
Häzirki wagtda bolsa, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde guraljak «EKSPO – 2025» sergisine gatnaşmak üçin giň gerimde taýýarlyk görülýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada «Belli» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
«EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji apreli – 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» şygary bilen geçiriler. Bu iri ykdysady gözden geçiriliş çäresine gatnaşjak ýurdumyzyň milli pawilýonynyň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli materiallar ulanylýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýapon halkyna we daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň milli medeni baýlyklary, ahalteke atlary, milli el halylary, öndürilýän önümler, ýurdumyzyň ýetilen sepgitleri görkeziler hem-de türkmen milli tagamlary, sowgatlyk önümler hödürlener.
2023-nji ýylyň 14-16-njy noýabry aralygynda türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň Osaka şäherinde saparda bolupdy. Şonda Türkmenistan döwletimize «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji bolup, milli pawilýon üçin ýer böleginiň bölünip berilmegi has-da buýsandyryjydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan «EKSPO – 2025» sergisine gatnaşyjy 160 döwletiň arasynda ilkinji ýurt hökmünde milli pawilýony üçin ýer bölegini kabul edip aldy we ol ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dikildi. Bilşimiz ýaly, döwletimiziň «EKSPO – 2025» sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmekde nusga alarlyk döwletleriň biridigi halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň, şol sanda serginiň geçirilýän ýeri bolan Ýaponiýanyň wekilleri tarapyndan hem ykrar edilýär. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän uly mümkinçilikleriň miwesidir.
Bütindünýä «EKSPO» sergileri baý taryhy bolup, bu iri ykdysady gözden geçiriliş çäreleri 1851-nji ýylda Londonda geçirilen ilkinji «EKSPO» sergisi bilen badalga aldy.
Bu sergiler ilkibaşda diňe senagat rewolýusiýasynyň gazananlaryny, täze oýlap tapyşlary köpçülige ýetirmek bilen çäklenen bolsa, soň-soňlar adamzadyň geljegi üçin bilelikde möhüm çözgütleriň hem-de başlangyçlaryň giňden tanyşdyrylýan meýdançasyna öwrüldi. «Ähli halklaryň senagat harytlarynyň beýik sergisi» adyny alan ilkinji «EKSPO» sergisinden başlanan däbi dowam etdirip, 2025-nji ýylda estafeta taýajygyny alýan Osakada guraljak nobatdaky forumyň «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen şygary hem muny doly tassyklaýar.
Kamila MARAWAÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.