«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Änew­de ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar­dyr du­şu­şyk­lar, mas­la­hat­lar, tä­sir­li çä­re­ler bu ga­dy­my şä­he­riň şöh­rat­ly ta­ry­hy­ny, baý me­de­ni mi­ra­sy­my­zy öw­ren­mek­de hem-de giň­den wa­gyz et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­ta­by bol­sa, bu ugur­da ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk, eg­sil­mez ha­zy­na bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy­nyň öňü­sy­ra­syn­da hal­ky­my­za sow­gat edil­di. Aja­ýyp eser gys­ga wagt­da ulus-ili­mi­ziň söý­gü­si­ni ga­za­nyp, her bi­ri­mi­ziň ýan­ki­ta­by­my­za öw­rül­di.
Ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän ýa­dy­gär­lik­le­riň go­ra­lyp sak­la­nyl­ma­gy­na-da aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu gym­mat­lyk­lar dür­li ar­heo­lo­gik dö­wür­le­re we mil­li me­de­ni däp-des­sur­la­ra de­giş­li bol­mak bi­len, hal­ky­my­zyň hem-de onuň geç­mi­şi­niň ru­hy esas­la­ry hök­mün­de dö­wür­le­ri öza­ra bir­leş­di­rip, hä­zir­ki döw­rüň ne­sil­le­ri­ni ýag­şy däp-des­sur­la­ryň do­wam et­di­ril­me­gi­ne, türk­men top­ra­gy­nyň be­ýik geç­mi­şi­ne hor­mat bi­len ga­ra­ma­ga iter­ýär. Di­ýa­ry­my­zyň bu kün­je­gi ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­riň gat­lak­la­ry­ny özün­de sak­la­ýar: Aha­lyň dag etek­le­rin­de il­kin­ji eke­ran­çy­lar ak bug­da­ýy ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip­dir­ler, ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri şu me­kan­dan göz­baş al­ýar. Geç­miş­de bu ýer­de me­de­ni­ýe­tiň gül­läp ösen­di­gi­ne bol­sa, bar bo­lan ta­ry­hy mag­lu­mat­lar şa­ýat­lyk ed­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze ki­ta­byn­da: «Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň hem gal­ky­nyş­la­ra bes­len­me­gi alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­ziň ne­ti­je­si­ni mä­lim eder di­ýip ynan­ýa­ryn. Änew ýa­ly ga­dy­my me­ka­ny, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýa­ly akyl­da­ry, us­sat şa­hy­ry bo­lan hal­kyň me­de­ni­ýe­ti­niň bol­sa adam­za­dyň me­de­ni­ýe­ti­niň ösüş­le­rin­de uly pa­ýy­nyň bar­dy­gy ikuç­suz ha­ky­kat­dyr. Biz öz ta­ry­hy­my­za gu­wan­ýa­rys. Şol ta­ry­hyň hä­zir­ki za­ma­nyň ru­hy-me­de­ni gur­şa­wy­nyň ke­ma­la gel­me­gin­de düýp­li esas bol­ýan­dy­gy­ny hem ynam­ly yk­rar ed­ýä­ris» di­ýip bel­le­ýär.
«Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş alýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­tap­da aja­ýyp pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ryň tym­sal­lar bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp be­ýan edil­me­gi ki­ta­byň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýar. Bu bol­sa Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy ba­ra­da­ky çuň­ňur bi­li­min­den, giň göz­ýe­ti­min­den, ýi­ti ze­hi­nin­den ha­bar ber­ýär.

Ogul­jen­net An­na­ha­no­wa,
Aman Ke­ki­low adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.