Tokionyň Haneda howa menzili dünýäniň 570 howa menziliniň arasynda arassalyk babatda öňdeligi eýeledi. Bu barada Londondaky dünýäniň awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň işine baha berýän “Skytrax World Airport Awards” merkeziniň sanawynda mälim edilýär. Ýolagçylaryň beren bahalary esasynda düzülen sanawda Haneda howa menziliniň arassaçylyk babatda öwgä mynasypdygy belli boldy. Bu bolsa pandemiýadan soň, arassaçylygyň iň möhüm talaplaryň birine öwrülen döwründe aýratyn ähmiýete eýedir. Haneda howa menzilinden başga-da, Ýaponiýanyň Nagoýa (5-nji orun), Narita (6-njy orun) we Kansaý (7-nji orun) ýaly ýene üç howa menzili ilkinji onluga girdi.
Sanawda Ýaponiýadan başga-da Aziýanyň howa menzilleri göze ilýär. Seulyň Inçhon howa menzili ikinji orny eýeledi, ondan soň Singapuryň Çangi howa menzili, Dohanyň Hamad howa menzili gelýär. Ýewropanyň howa menzili Sýurih ilkinji onluga girip 10-njy orny eýelän ýeke-täk howa menzili boldy.
Şeýle-de, “Skytrax” dürli sebitlerdäki iň arassa howa menzillerini ýatlap geçdi geçdi. Olaryň hatarynda Kanadanyň Wankuwer, Ekwadoryň Kito, Kosta-Rikanyň Huan Santamariýa, Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun, Awstraliýanyň Brisben, Hytaýyň Şanhaý Hunsýao, Hindistanyň Bangalor howa menzilleri bar.
Indi 25 ýyl bäri düzülip gelinýän “Skytrax”-yň sanawy dünýäniň millionlarça ýolagçylarynyň garaýyşlaryna esaslanýar. Häzirki wagtda dünýäde howa menzillerinden amala aşyrylýan ýolagçy gatnawlaryna bolan isleg has-da artyp, her ýyl 8,5 milliarddan gowrak adam howa ýollarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýar.