Golaýda Wengriýada zawod gurjakdygyny mälim eden Hytaýyň BYD kompaniýasy ikinji önümçilik desgasyny hem gurmagy meýilleşdirýär. Hytaýly awtoulag öndürijisiniň Ýewropa boýunça Baş müdiri Maýkl Şu 2025-nji ýylda Ýewropada ikinji zawodyny gurmakçydyklaryny aýtdy. Zawodyň ýeri häzirlikçe belli däl. Şeýle-de Şu “Seagull” atly elektroulagyň hem Ýewropa bazarynda satuwa çykaryljakdygyny habar berdi. “Seagull” modeli Hytaýda 10 müň dollardan hem arzan bahadan satylýar. Şu bu awtoulagyň Ýewropada 20 müň Ýewrodan arzan boljakdygyny belledi.
Häzirki wagtda elektroulaglaryň bahasy özi bilen deň benzinli ulagdan ortaça 30 göterim töweregi gymmada satylýar. Şeýle bolansoň, köp adam benzinli ulag almagy kem görenok. Kompaniýalar bolsa, elektroulaglaryň bahasynyň peseldilmegi üçin tagalla edýär.
Maýkl Şu Hytaýly brendiň 2030-njy ýylda Ýewropanyň iň uly awtoulag öndürijisi bolmak isleýändigini aýtdy.
Ýeri gelende bellesek, BYD 2016-njy ýylda Wengriýanyň Komarom şäherinde elektrik energiýasy bilen işleýän zawodyny gurupdy. BYD-nyň Hytaýdan başga-da ABŞ, Braziliýa, Ýaponiýa we Hindistan döwletlerinde önümçilik desgalary bar.