Mundan 95 ýyl ozal şu gün kino sungatynyň iň uly sylagy hasaplanýan Oskar baýraklarynyň ilkinjisi gowşurylýar. 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda geçirilen bu dabara ýeňijileriň 3 aý öň mälim edilendigi sebäpli 15 minutda tamamlanýar. Dabara 270 adam çagyrylýar we her petegiň bahasy-da 5 dollar diýlip kesgitlenilýär. Los Anejelesdäki “Hollywood Roosevelt” myhmanhanasynda geçen dabarada iň gowy film diýlip, “Ganatlar” (Wings) filmi saýlanýar. 1927-nji ýylda ekranlaşdyrylan filmleriň sylaglandyrylan dabarasynda iň gowy režissýor baýragy 2 kişä – komediýa filmleri üçin Lýuwis Milestouna (“Iki arap rysary”, Two Arabian Knights), drama filmleri üçinem Frank Borzeýje (“7-nji uçmah”, 7th Heaven) gowşurylýar. Emil Jannings iň gowy aktýor (“Soňky buýruk”, The Last Command), Janet Geýnor (“7-nji uçmah”, 7th Heaven) iň gowy aktrisa diýlip saýlanýar.