Golaýda milliarderleriň sanawyna adyny ýazdyran Teýlor Swift konsert bermäge baran ýurdunyň ykdysadyýetine uly goşant goşýar. Ol häzirki wagtda Ýewropa şäherlerinde “Eras Tour” atly konsertlerini berýär. Adatça, birnäçe müň adamly stadionlarda çykyş edýän Swiftiň biletleri satuwa çykan badyna gutarýar. Oňa tomaşa etmek üçin daşary ýurtlardan hem köp adam barýar. Golaýda bilermenler Fransiýadaky konsertleriniň şu ýyl Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan hem girdejili boljakdygyny belläpdiler. Indi bolsa, “Barclays” banky Swiftiň iýun we awgust aýlaryndaky konsertleriniň Angliýanyň ykdysadyýetine 997 million funt sterling girdeji getirjekdigini mälim etdiler. Swift dört stadionda 15 konsert berer. Bu konsert maksatnamalaryna takmynan 1,2 million adamyň gatnaşmagyna we her biriniň ortaça 848 funt sterling sarp etmegine garaşylýar. Konserte tomaşa etmäge gelýänler bilet, myhmanhana, gatnaw üçin pul sarp ederler. Şeýle hem olar egin-eşik we sowgatlyk dükanlaryna hem aýlanarlar. Mundan başga-da konsert üçin bu ýurda baran daşary ýurtly myhmanlar ýurduň beýleki gözel ýerlerine we şäherlerine hem aýlanarlar. Şeýlelikde, bir adamyň konsert üçin etjek çykdajysy 800 funt sterlingden geçer. Owadan aýdymçynyň biletiniň ortaça bahasy 206 funt sterlinge deň.