Singapuryň merkezinde ýerleşýän «ArtScience» muzeýi 2011-nji ýylda açylyp, sungaty, ylmy, medeniýeti we tehnologiýany birleşdirýän medeni ýadygärlik hasaplanýar. Lotos gülüne meňzedilip gurlan bu muzeý Singapuryň meşhur binalarynyň biridir. Bu ýerde, esasan, çagalar üçin gezelençler we sergiler guralýar. Ýerli halkyň arasynda «Singapuryň hoşniýetli eli» diýlip atlandyrylýan bu bina eliň aýasy ýaly tegelek bölekden, 10 «barmakdan» ybarat. Her barmagyň ujunda reňkli yşyklandyryş şöhlesi bolup, ol muzeýiň gijeki gözelligini artdyrýar. Asmandan inýän ýagyş suwy jam şekilli üçekden aşak akyp, 7 metr belentlikdäki özboluşly şarlawugy emele getirýär.
«ArtScience» muzeýinde umumy meýdany 6 müň inedördül metre barabar bolan 21 galereýa meýdançasy bar. Bu ýerde çagalara 16 interaktiw sungat gurnamalaryny hödürleýän 4 bölümde: tebigat, şäher, seýilgäh we kosmos bölümlerinde gezelençler, gyzykly başdangeçirmeler garaşýar. Tebigat bölüminde älem planetalarynyň, janly-jandarlaryň, ösümlikleriň hereketleri esasyndaky üç ölçegli şekiller görkezilýär. Bularyň arasynda iň gyzyklysy «Miwe meýdany» bolup durýar. Şäher bölüminde ata-eneler bilen çagalaryň arasyndaky mähir-söýgi, çagalaryň ösüş aýratynlyklaryny beýan edýän wirtual oýunlar guralýar. Seýilgäh bölüminde dynç alyş çäreleri geçirilip, tebigaty goramaga degişli slaýdlar görkezilýär. Kosmos bölümi çagalaryň iň söýgüli meýdançasy bolup, bu ýerde 170 müňden gowrak LED çyrasy kosmos giňişligini janlandyrýar. Özüňi ýyldyzlaryň arasynda ýaly duýup bolýan bu meýdança edil jadyly düýşe meňzeýär.