1973-nji ýyl­da «Be­deCorp» kompaniýasy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len BD-5 at­ly bir orun­lyk uçar dün­ýä­niň iň ki­çi uça­ry ha­sap­lan­ýar. Bu uçar hä­zir­ki wagt­da hem Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ren iň ki­çi uçar ha­sap­lan­ýar. Bu kin­di­wan­ja ho­wa gä­mi­si­niň re­ak­tiw hem-de per­li mo­tor­ly gör­nüş­le­ri bar. Uça­ryň BD-5A we BD-5B at­ly iki sa­ny per­li gör­nü­şi­niň ga­na­ty­nyň giň­li­gi de­giş­li­lik­de, 4,5 we 6,5 met­re ba­ra­bar. Re­ak­tiw he­re­ket­len­di­ri­ji­li mo­de­li BD-5J-iň ga­na­ty­nyň giň­li­gi 5,3 met­re deň. Uzyn­ly­gy 4 met­re ba­ra­bar bo­lan BD-5-iň ag­ra­my 140,5 ki­lo­­g­ram bo­lup, tiz­li­gi sa­gat­da 341 ki­lo­met­re ýet­ýär.
Ses­siz­li­gi we yg­ty­bar­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu ki­çi­jik uçar­lar awia­si­ýa ser­gi­le­rin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär.