Ýaponiýada şäherden uzakdaky ýerlerde ilatyň azalmagynyň öňüni almak üçin täze düzgün ýola goýuldy. “Akiya” atly taslamanyň çäklerinde terk edilen jaýlaryň peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar. Ýurtda esasan oba ýerlerinde ýaşaýanlaryň sany azalýar. Netijede boş jaýlar peýda bolýar. Ýaponlar dünýäniň iň uzak ýaşaýan halklarynyň biri hasaplanýar. Çagalary şähere göçüp giden maşgalalaryň öýleri wagtyň geçmegi bilen boş galýar. Köp adamyň maşgalasyndan miras galan öýleriniň salgydyny tölemezlik üçin internetde “mugt jaýlarynyň” bildirişini goýup başlady. Bu öýlere turistleriň has köp gyzyklanma bildirýändigi bellenilýär. Ýurduň hökümetiniň ýola goýlan taslamasynyň çäklerinde boş jaýlar ýaşlara berilýär. Emma munuň käbir şertleri bar. Bu şertleriň arasynda 43 ýaşyndan kiçi bolmak, başlangyç synpyna gidýän çagaň bolmagy hem bar. Şeýle hem tölegsiz ýaşaýan jaýyňy abatlamaly bolýarlar. Ýurtda 10 milliondan gowrak eýesiz öýüň bardygy bellenilýär. “Akiýa” taslamasynyň çäklerinde bu jaýlar arzan bahadan ýa-da tölegsiz ýagdaýda zerur adamlara berilýär. Şeýle hem bu maksatnama bilen boş jaýlara maşgalalary göçürip getirmek arkaly oba ýerlerindeki ýaşaýşyň gaýtadan dikeldilmegi göz öňünde tutulýar.