1927-nji ýylyň 26-njy maýynda soňky “Ford Model T” awtoulagy konweýerden çykýär. Geçen asyryň başlarynda “Ford” kompaniýasy şol döwürler bir-birden öndürilýän awtoulaglary konweýerde köpçülikleýin öndürmek arkaly bahasyny ep-esli düşürmegi başarypdy. Bu bolsa, has köp adamyň “atsyz araba” diýlip atlandyrylan awtoulag edinmegine sebäp boldy. 1908-nji ýylda önümçiligine başlanan “Ford Model T”-den 1927-nji ýyla çenli 15 milliondan gowragy öndürilýär.