24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow dünýäniň esasy reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalardan halkara reýtingleri almak boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulandyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Fitсh Ratings” agentliginden gelip gowşan degişli teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň halkara we daşary ýurt maliýe guramalary hem-de agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmelidigini belledi hem-de milli ätiýaçlandyryş ulgamynyň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli işleriň geçirilmelidigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.