Eýranda Mejlisiň başlyklygyna Tährandan deputat Muhammed Bakyr Kalibaf gaýtadan saýlandy. IRNA agentliginiň habaryna görä, 12-nji çagyryşyň birinji ýyly üçin Kalibaf bilen bir hatarda Kumuň deputaty Müçteba Zünnur we Tähranyň deputaty Menuçehri Muttaki dalaşgärligini yglan etdi. Mejlisde geçirilen ýygnakdaky ses berişlikde Kalibaf 287 sesiň 198-ini alyp, bu wezipä gaýtadan saýlandy. Ses berişlikde Mejlisiň başlygynyň birinji we ikinji orunbasarlary hem saýlandy. Hemedanyň deputaty Hamid Ryza Hajybabaýi birinji, Erdebiliň deputaty Ali Nikzad ikinji orunbasar saýlandy.
Ýurtda Mejlisiň deputatlary dört ýyldan bir gezek, Mejlisiň başlygy her ýylda saýlanýar.
Kalibaf mundan ozalky çagyryşda dört ýyl bu wezipäni ýerine ýetiripdi.