Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde hemişelik Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan Türkmenistan deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ulag-üstaşyr geçelgeleriniň häzirki zaman ulgamyny döretmek boýunça iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamy iň öňdebaryjy ykdysady pikir-garaýyşlara esaslanýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde okgunly özgerýär.
Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde barha rowaçlanýan ulag-kommunikasiýa ulgamy möhüm we geljegi uly bolan ugur bolmak bilen, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň ygtybarly binýadyna öwrülýär. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz bu gadymy ýoluň dünýädäki taryhy ähmiýetini gaýtadan dikeltmäge uly ähmiýet berip, ulag-kommunikasiýa ulgamynda sebitiň döwletleri, halkara guramalar bilen möhüm taslamalary durmuşa geçirýär.
Ýurdumyz tarapyndan sebit we halkara derejeli iri forumlarda ulag ulgamynyň hyzmatlaryny hemmeler üçin amatly, bäsdeşlige ukyply innowasion tehnologiýalar esasynda amala aşyrmak babatda wajyp başlangyçlar yzygiderli öňe sürülýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji martynda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy hem aýdyň mysal bolup biler. Milli Liderimiz öz çykyşynda «Inklýuziw ulag ulgamynyň kemala getirilmeginiň halkara söwdanyň, maýa goýum işjeňliginiň artmagyna täsir etjekdigi düşnüklidir» diýip belledi.
Ýurdumyzda içerki we üstaşyr ulag gatnawlarynyň yzygiderli artmagy onuň demir ýol, deňiz-derýa, howa we awtoulag görnüşleriniň ählisi üçin mahsus häsiýete eýe boldy. Her bir ulag görnüşiniň özboluşly aýratynlygyny nazara alyp, olaryň netijeli arabaglanyşygyny gazanmak, hereketiniň bütin dowamynda howpsuzlygy üpjün etmek babatda maksatnamalaýyn çäreler geçirilýär.
Bu ugurda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Geçen ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Howa ulaglary pudagy halkara gatnaşyklarynyň esasy köprüsi bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilip, ulaglaryň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, milli awiasiýamyz hem täze derejä çykarylýar. Howa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň hem-de ýolagçylary gatnatmagyň hilini ýokarlandyrmak we ygtybarlylygyny üpjün etmek ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň möhüm şertidir.
Howa ulagy pudagyndaky gatnaşyklar 50-den gowrak halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistan BMG-niň halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyryjy ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýan Halkara raýat awiasiýa guramasynyň (IKAO), Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň hem-de Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasydyr, şeýle hem Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Uçuşlaryň howpsuzlygyny we Türkmenistanyň howa giňişliginiň üstaşyr geçelgeleriň tygşytly ulanmasyny üpjün etmek üçin demirgazyk-günorta we gündogar-günbatar ugurlary boýunça täze howa ýollary girizilýär, bu bolsa howa gatnawlarynyň depginliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň üstaşyr uçuşlar we uçarlaryň ýangyjynyň üstüni dolmak üçin ýurdumyzyň howa giňişligini peýdalanmaga bolan gyzyklanmalary görnetin artdy. Howa gatnawlarynyň işjeňligi hem yzygiderli ösýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalary Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky has gysga, iň täze dolandyryş, nawigasiýa tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan ugurlar boýunça hereket etmegi ileri tutýarlar.
Howpsuz aeronawigasion hyzmat etmesi üçin Türkmenistanyň howa menzilleri «Thales» öňdebaryjy fransuz kompaniýasynyň howa hereketini dolandyrmagyň radiolokasion we nawigasion innowasion serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan. Häzirki günde ýurduň howa giňişliginde Howa hereketini dolandyryş gullugy tarapyndan dünýäniň 200-den gowrak awiakompaniýasynyň howa gämilerine hyzmat edilýär.
«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli howa menzilleri halkara ülňülerine laýyk derejä getirildi. Häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzyň Halkara howa menzili däl-de, sebitleriň howa menzilleri hem islendik kysymly we ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydyr. Howa menzilleri howa gämileriniň hereketini adaty däl howa şertlerinde-de howpsuz dolandyrmak, uçuşlaryň ykdysady taýdan tygşytlylygyny üpjün etmek üçin kämil tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyryldy.
Howa ulagy arkaly halkara gatnawlary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň awiaparkynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, hususan-da, «Boeing» we «Airbus» ýaly kompaniýalarynyň döwrebap ýolagçy we ýük uçarlary bilen ýetirilýär. Türkmenistanda bar bolan awiaparkyň netijeli giňeldilmegi strategik häsiýete eýe bolup, ykdysady we üstaşyr bähbitleri gazanmagy maksat edinýär. Milli awiakompaniýamyz Aziýanyň iň howpsuz awiakompaniýalarynyň hataryna girýär, onuň sebit gatnawlarynda öňdebaryjy bolmagy üçin ähli şertler bar. Häzirki wagtda birnäçe ýurtlar bilen ýolagçy we ýük howa gatnawlary ýola goýuldy, şeýle hem olaryň çägini giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
«Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ýörelgäni öňe süren Gahryman Arkadagymyzyň, Diýarymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň Howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň uly dispetçeri.