29-njy maýda Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamlary dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu enjamlar dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär. «Beren eliň berekedi artar» diýen halk pähimi döreden ata-babalarymyz sahawatlylyga, ynsanperwerlige uly ähmiýet beripdirler. Döwletli tutumlaryň rowaçlanýan döwründe bu asylly ýörelge türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen üstünlikli dowam etdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilip, häzirki wagtda onuň işiniň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlikde hem uly ähmiýete eýe bolýandygy her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Haýyr-sahawat ähli ýurtda hem sarpaly ýörelge. Birek-biregi goldamak ýaşaýşyň, durmuşyň düýp mazmunyna ornaşandyr.
Hormatly Prezidentimiziň «Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamyň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir» diýip belleýşi ýaly, bu gaznanyň işi halkymyzyň ynsanperwer ýörelgesine daýanýar. Ýeri gelende bellesek, geçen döwürde gaznanyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň ýertitreme, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý sebitiniň suw almagy zerarly ejir çeken çagalaryna, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 4-5-nji aprelinde Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Duşenbe şäheriniň «Istiklol» lukmançylyk toplumynda bu gaznanyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alyp geçirilýän dabara gatnaşyjylaryň kalbyndaky hoşallygyny diňläp, ajaýyp döwrümiziň sahawatlylyga ýugrulan taglymatyna buýsanjyň artýar.
Ata-babalarymyz hem ynsanperwerlige, sahawatlylyga aýratyn ähmiýet beripdirler. Doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede toýlanýan akyldar şahyrymyz Magtymguly atamyzyň döredijiliginde «Entäni goldana hemaýat ýagşy» diýen setirleri hem ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmasy bolup kalplara joşgun eçilýär. Ömrüň manysy haýyr-sahawatly hem-de ynsanperwer işleriň amala aşyrylmagyndan ybarat. Watan, il-halk baradaky mukaddes düşünjeleriň bir bitewüligini emele getirýän haýyrly işler adam ömrüniň gymmatyny, agramyny artdyrýar. Ömre deň ahwal görülýän bu sahawatly işler halkymyzyň esasy durmuş ýörelgeleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýolunyň dabaralanmasyna, ynsanperwerlik däplerimiziň dowamatyna öwrülen bu beýik işler döwrüň beýik gudratyny kemala getirýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň Arkadag şäherinde ýerleşdirilmeginde hem uly many bardyr. Bilşimiz ýaly, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hereket edýär. Bu ýerde operasiýadan soňky döwürde çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan işler ökde hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilýär. Berk bedenli ýaş nesliň kemala gelmeginde lukmançylyk häsiýetli sagaldyş-dikeldiş işleriniň geçirilmegi çagalaryň bagtyýar hem-de röwşen geljegini üpjün etmäge ýardam berýär. Milli Liderimiziň Arkadag şäherine amala aşyrýan iş saparlarynyň dowamynda merkezde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen yzygiderli gyzyklanyp, olaryň ata-eneleri bilen söhbetdeş bolmagy, olaryň ýagty geljegine bolan ynamy pugtalandyrýar. Dünýäniň ýaraşygy sahawatda, adamlaryň ýaraşygy birek-birege hemaýat goldawda jemlenendir.
Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary üstünliklere beslensin!
Tawus Esenmämmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.