ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň alymlary maşgalanyň ululygy bilen ene-atanyň akyl saglygynyň arasynda baglanyşygy ýüze çykardylar. Görlüp oturylsa, köp çagaly adamlaryň beýnisi az çagalylaryňka garanyňda, has ýaş bolýan eken. Bu barlaga jemi 37 müň adam gatnaşdy. Gatnaşyjylaryň beýnisiniň MRT-suraty gözden geçirilende maşgalada birnäçe çaganyň bolmagy ene-atanyň “uzak möhletli neýroproteksiýasyna” kömek edýändigini görkezdi. Galyberse-de köp çagaly ene-atalaryň beýnisiniň işjeňligi ýaşlaryňka juda meňzeş bolup çykypdyr.
Barlag geçirijiler çagalar we ýetginjekler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamak ulularyň beýnisini höweslendirýär we işjeň bolmagyna kömek edýär diýip hasaplaýarlar. Mundan başga-da, köp çagaly ene-atalar has işjeň durmuş ýörelgesine eýe bolýarlar, bu hem akyl saglygyna oňyn täsir edýär.