100 ýaşyny bellemäge taýynlanýan Beýik Britaniýanyň Birmingem şäheriniň ýaşaýjysy uzak ýaşamagyň syrlary barada gürrüň berdi. Bu barada “BBC News” habar berýär.
Silwiýa Mogg 1924-nji ýylda Londonda dogulýar. Onuň ýaşlygy Ikinji jahan urşy ýyllaryna gabat gelýär. Şol ýyllarda ol London uniwersitetiniň bir kollejinde himiýa we fizika ugrundan bilim alýar. Soňra, uzak wagtlap tebigat ylymlary boýunça mugallym bolup işleýär.
Zenanyň pikiriçe, uzak ömrüň syry geljege umytly garamakdyr. Mundan başga-da, onuň pikiriçe, durmuşda ýüze çykýan meseleler hakda kän alada etmeli däl. “Her minutdan peýdalanmaga synanyşyň, sebäbi dünýä ajaýyp ýer” – diýip, zenan gürrüň berýär.
-Meniň pikirimçe, hemme zadyň özeni ruhubelentlik. Bolar-bolgusyz zat üçin özüňizi gynamak nämä gerek, diňe emele gelen ýagdaýdan akylly-başly baş alyp çykmaga tagalla etmeli. Men ruhy taýdan belli bir derejä ýetip bolýandygyna ynanýaryn. Durmuşyň manysy – ýakynlaryň özüňi söýşüň dek söýmeli, bu gaty ýönekeý iş – diýip, Silwiýa Mogg gürrüň berýär.