Saud Arabystany Patyşalygynda 5600 inedördül metr meýdany eýeleýän dünýäde ilkinji 3D printerinde bina edilen metjit ulanmaga berildi. “Forsan Real Estate” taslamasynda “Guanli” kompaniýasynyň öňdebaryjy 3D tehnologiýasyny ulanyldy.
Metjidiň gurluşygy alty aýyň içinde tamamlandy. Tebigy yşykdan peýdalanyp, dindarlaryň arasynda asudalygy we agzybirligi berkitmek üçin niýetlenen metjitiň töwereginde özboluşly minaralar göze ilýär.
Geçen ýylyň maý aýynda Birleşen Arap Emirlikleri hem ilkinji 3D printerinde çap edilen metjidi gurmak başlangyjy barada mälim etdi. Täze we çylşyrymly tehnologiýa hökmünde dünýäde 3D-de çap edilen dini infrastrukturanyň üstünlikli tamamlanmagy binagärlik we dizaýn pudagynyň geljegi üçin uly ähmiýete eýedir.