Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda 40 günden gowrak wagt dowam eden saýlaw tamamlandy. Şu günden başlap bolsa, ýurduň saýlaw geňeşi internet sahypasy arkaly saýlawlaryň netijelerini mälim edip başlady. Köp partiýaly parlament respublikasy bolan Hindistandaky saýlaw ýurduň Hökümet Başlygy Narendra Modiniň ýolbaşçylyk edýän Bharatiýa Janata partiýasynyň (BJP) başyny başlan Milli demoktratik bileleşigi (NDA) bilen otuzdan gowrak beýleki partiýalaryň bilelikdäki “Hindistan milli galkynyş bitewi bileleşiginiň (INDIA) arasynda geçirilýär.
Pikir soralyşyklarda BJP uly tapawut bilen öňdeligi eýeleýär. Iki möhlete ýurduň Premýer-ministri wezipesini ýerine ýetiren Modi bolsa, parlamentdäki 400 mandatyň öz bileleşigine degişli bolmagyny maksat edinýär. 2019-njy ýyldaky saýlawda NDA 303 orun alypdy.
Ýurtda bir partiýanyň ýa-da koalisiýanyň hökümeti düzüp bilmegi üçin Halk Mejlisindäki 543 mandatyň 272-ni almaly bolýar. Ýurtda tas bir milliarda golaý saýlawçy bar. Saýlawlar ýurduň 28 ştatynda “Bileleşik territoriýalary” atly 8 ýörite administratiw sebitini öz içine alýan 7 tapgyrda geçirilýär. Bu çylşyrymly saýlaw ulgamynda saýlawçylar 19-njy, 26-njy aprelde, 7-nji, 13-nji, 20-nji, 25-nji maýda we 1-nji iýunda ses beripdiler.