Koreýa Respublikasy Ýapon deňzinde uly nebit we gaz ýatagyny ýüze çykardy. Bu barada ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol mälim etdi diýip, “Yonhap” habarlar gullugy habar berdi. Seulyň takmynan, 260 kilometr günorta-gündogaryndaky Ýonil aýlagynda ýerleşýän bu ýatakda 14 milliard barrel töweregi nebit we gaz bolup biler. Deslapky çaklamalara görä, gorlaryň 75 göterimi gaz, 25 göterimi bolsa nebitdir. Gazyň mukdary ýurduň 29 ýylyna, nebitiň mukdary bolsa dört ýylyna ýeter.
Bu açyş özüniň energiýa zerurlyklarynyň, çen bilen, 97-98 göterimini import edýän Koreýa Respublikasy üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurt eýýäm köp wagtdan bäri öz suwlarynda geologik barlag işlerini alyp barýar we bu üstünlikli açyşyň ilkinjisi däl. 1998-nji ýylda Koreýa Respublikasy Phohandan uzakda bolmadyk suwlardan 45 million barrellik gaz ýatagyny ýüze çykardy. Bu ýatagy ulanan 17 ýylynyň dowamynda ýurt 1,4 trillion won, takmynan, 1 milliard dollar sap girdeji gazandy.
Günorta Koreýanyň Söwda, senagat we energetika ministrligi eýýäm täze ýatakda gözleg buraw meýilnamasyny tassyklady. 2025-nji ýylyň birinji ýarymyna çenli deslapky netijelere garaşylýar.