Halkara Energiýa Agentligi (IEA) pudaga degişli maýa goýumlar barada ýyllyk maglumatyny taýýarlady. Maglumatda üstümizdäki ýylda dünýäde energiýa pudagyna maýa goýumyň ilkinji gezek 3 trillion dollardan geçjekdigi bellenilýär. Täzelenýän energiýa, elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar, atom energiýasy, energiýa torlary, batareýa, pes uglerodly ýangyçlar, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrýan çözgütler maýa goýuljak esasy ugurlar üçin 2 trillion dollara golaý serişde gönükdiriler. Galan 1 trillion dollardan gowrak maýa goýum bolsa, kömür, nebit we gaz ýaly gazylyp alynýan energiýa çeşmelerini özleşdirmekde peýdalanylar.