ABŞ-da Prezident Jo Baýdeniň ýolbaşçylyk edýän hökümeti dürli sebäplere görä bu ýurtda ýaşaýanlara raýatlyk üçin ýüz tutmagy ýeňilleşdirýän kanuny güýje girizdi. Täze düzgüne görä, amerikan raýaty bilen nikaly bikanun ýaşaýan migrantlar we olaryň çagalary raýatlyk üçin ýüz tutup bilerler. Mundan ozal ABŞ-da ýaşamak üçin ýüztutmalar diňe daşary ýurtlardan amala aşyrylyp bilinýärdi. Indi bolsa, bu ýurtda ýaşaýanlar hem ýüz tutup bilýär. Täze düzgün azyndan 10 ýyldan bäri ABŞ-da ýaşaýan hem-de 2024-nji ýylyň 17-nji iýunyndan ozal amerikan raýaty bilen nikalaşanlara degişlidir. Ýurtda şeýle ýagdaýda 500 müň töweregi migrantyň bardygy çaklanylýar. Şeýle hem olaryň çagalarynyň, ýagny öweý çagalarynyň sanynyň 50 müň töweregidigi aýdylýar. Ýüz tutanlara hemişelik ýaşamak üçin rugsatnama berilmezden ozal üç ýyl möhletli wagtlaýyn iş wizasy berler. Ýüztutmalaryň tomus paslynyň ahyrynda kabul edilip başlanmagyna garaşylýar. Şeýle hem täze düzgün, çaga wagty bu ýurda baran resminamasyz migrantlaryň okuwyny dowam etdiren ýagdaýynda iş wizasyny almagy ýeňilleşdirýär.