Hytaýda şu ýylyň ilkinji 5 aýynda gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň arasynda kömür önümçiligi azaldy, nebit we gaz önümçiligi artdy. Ýurduň Milli statistika edarasynyň maglumatyna görä, ýanwar-maý aýlarynda kömür önümçiligi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3 göterim pese gaçypdyr, çig nebit önümçiligi 1,8, tebigy gaz önümçiligi 5,2 göterim artdy. Degişli döwürde kömür importy 12,6, çig nebit importy 0,4 we tebigy gaz importy 17,4 göterim ýokarlanypdyr. Bäş aýyň dowamynda Hytaý 1,86 milliard tonna kömür öndüren bolsa, 200 million tonna kömür import edipdir. Çig nebit önümçiligi 89,1 million tonna, importy 229,03 million tonna ýetipdir. Maý aýynyň ahyryna çenli ýurtda 103,3 milliard kub metr tebigy gaz öndürilen bolsa, 54,28 million tonna nebite deňeçer tebigy gaz import edilipdir.