Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr». Şu nukdaýnazardan bu gün ýurdumyzda ylym binýadyny pugtalandyrmakda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ägirt uly ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek, alymlarymyzyň täze ylmy açyşlarynyň, oýlap tapmalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini hem-de ýurdumyzyň ylym ulgamynyň dünýäniň ylmy giňişliginde üstünlikli goşulmagyny gazanmak babatdaky bimöçber işleri ulus-ilimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 12-nji iýuny milli senenamamyzda Ylymlar güni hökmünde orun aldy. Ýurdumyzda indi ençeme ýyldan bäri Ylymlar güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene mynasybetli ylmy maslahatlar geçirilýär, bäsleşikler guralýar. Ylmy ösdürmek, alymlarymyzy goldamak we höweslendirmek maksady bilen ýaş alymlaryň arasynda guralýan ylmy işleriň bäsleşigi hem şeýle çäreleriň biridir. Bu bäsleşigiň ýaşlarymyzyň öwrenmegi, döretmegi, ylmy işler bilen meşgullanmagy we täze açyşlary etmegi babatdaky ähmiýeti örän uludyr.
Ýurdumyzda ylma we onuň ösüşine aýratyn orun berilýändigi Ylymlar gününiň giňden bellenen çagynda has aýdyň ýüze çykdy. Şanly günde ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanmagy has-da guwançly waka boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşiginiň bu ýylky ýeňijileri hem baýraklar bilen sylaglandy. Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň arasynda ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň, beýleki guramalaryň wekilleriniň bolmagy ählimizi begendirdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagynda eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmegiň, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmagyň, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmagyň baş maksatlarynyň biri bolup durýandygy aýratyn bellenilýär. Ýurdumyzyň okgunly ösüşi, aýratyn-da, ylymly, bilimli, zehinli ýaşlara, olaryň netijeli ylmy işlerine baglydyr. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy we olara giň mümkinçilikleriň döredilmegi ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Milli ylym ulgamy jemgyýetiň ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Esasy Kanunymyzda döwletiň ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýändigi, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýandygy baradaky kadalar adamyň ylym we döredijilik bilen meşgullanmaga bolan konstitusion hukugynyň durmuşa geçirilmegini kepillendirýär. Şonuň bilen birlikde, döwletiň ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýändigi hem bellenilýär.
Zehinli ýaşlary tehnologiýalar we ylym ulgamyna çekmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply, netijeli ylmy işleri alyp barýan alymlaryň neslini kemala getirmek baş wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmenistan ylym we ýokary tehnologiýalar babatynda iri halkara guramalary, ylmy merkezler bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Dünýä ylmynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan halkara ylmy forumlar yzygiderli geçirilýär.
Ýurdumyz Durnukly ösüşiň meýilnamalaryny amala aşyrmaga yzygiderli gatnaşýar. Ýurdumyz ýaş nesle durnukly ösüşi gazanmagyň strategik güýji hem ygtybarly kepili hökmünde garap, tagallalaryny olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň jogapkär raýatlar, kämil bilimli, hünärmenligiň ussatlygynyň ýokary derejesini we başarnyklaryny özleşdiren nesiller bolmaklary üçin ähli tagalla edilýär.
Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaşlaryň durmuş taýdan berkarar bolmagy, ösmegi we mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin hukuk, ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmäge gönükdirilen döwlet işini emele getirýär. Türkmenistan ýaşlara ýurdy durmuş-ykdysady, syýasy we ruhy-ahlak taýdan ösdürmegiň serişdesi, onuň medeni-durmuş taýdan dikeldilmeginiň çeşmesi hökmünde aýratyn ähmiýetinden, şeýle hem ýaşlaryň bilim almak, hünär edinmek, durmuş ýoluny saýlap almak, maşgala gurmak we özbaşdak durmuşa başlamak ýaly tapgyrlarda ýüze çykýan özboluşly durmuş meseleleriniň ykrar edilmeginden ugur alýar.
Gunça BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.