Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyz uly ösüşlere beslenýär. Häzirki wagtda günsaýyn ösýän we giňelýän şäherleriň ýol hereketini kadalaşdyrmak maksady bilen täze ýollary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýollaryň ugrunda ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan duralgalar, geçelgeler, ýolyşyklar we beýleki degişli belgiler ýerleşdirilýär. Awtoulaglaryň köpelmegi netijesinde gatnawyň artmagy bolsa, sürüjileriň we pyýadalaryň has ünsli bolmagyny talap edýär. Munuň özi ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güýçlendirilmegini talap edýär. Bu barada ýurdumyzda netijeli işler amala aşyrylýar. Olara mysal edip, gurulýan döwrebap awtoýollary, köprüleri, ýerasty geçelgeleri görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti hem diýseň uludyr.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde diňe bir sürüjileriň däl, pyýadalaryň hem borçlaryny bilmekleri we olary dogry berjaý etmekleri hökmandyr. Pyýadalar ýoluň gatnawly böleginden geçenlerinde seresap bolmalydyrlar, diňe pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerden, ýerüsti we ýerasty geçelgelerden geçmelidirler. Şeýle-de hereketi sazlaýjynyň we düzgünleşdirijiniň duýdurmalaryna üns bermelidirler, gyzyl yşygyň hereketi gadagan edýändigini ýatdan çykarmaly däldirler.
Sürüjilere ilatly ýerlerde sagatda 60 kilometr tizlikden ýokary bolmadyk tizlik bilen hereket etmäge, ilatly nokatlaryň daşynda bolsa ýeňil awtoulaglary 90 kilometr tizlik bilen dolandyrmaga rugsat berilýär. Her bir sürüji ýol hereketiniň kadalarynda görkezilen talaplary ýerine ýetirse, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly netijeler gazanylar.
Ýollarda asudalygyň üpjün edilmeginde sürüjilere uly jogapkärçilik düşýär. Olar ulagyň tehniki ýagdaýynyň guratlygyna jogap berýärler. Howpsuzlyk kemeri bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglarda hereket edilende, sürüjiniň we ýolagçynyň howpsuzlyk kemerini dakynmaklaryny gazanmak sürüjiniň berjaý etmeli borjudyr.
Sürüjiler we pyýadalar üstlerine düşýän jogapkärçiligiň uludygyny hemişe ýatda saklamalydyrlar we ony berk berjaý etmelidirler.
Ýalkap HUDAÝBERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň Ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.