Hytaýda Urumçiniň golaýynda dünýäde iň uly Gün elektrik bekedi ulanmaga berildi. Önümçilik kuwwaty 3,5 GWt bolan “Midong” bekedi 133,5 inedördül metr meýdany tutýar. Toplumda 5,26 milliondan gowrak monokristally iki ýüzli Gün panelleri oturdylypdyr. Ägirt uly taslama döwlet eýeçiligindäki “China Green Electricity Investment of Tianjin” kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Taslama üçin 15,45 milliard ýuandan (2,13 milliard dollar töweregi) gowrak maýa goýuldy. Elektrik bekedi ýylda 6,09 milliard kWt elektrik öndürmäge ukyply bolup, 9 million ilatly şäheri elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýeter. Şeýle hem bu görkeziji 2 million elektrik ulagyny işletmäge ýeterlikdir. Bu iri taslama Hytaýyň 2060-njy ýyla çenli uglerodyň birtaraplygyny gazanmak ugrundaky maksatnamasynyň bir bölegidir.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.