Bütindünýä ykdysady forumynyň taýýarlan maglumatynda arassa energiýa geçiş tizligi peselýär. Dünýäniň 120 ýurdunyň bar bolan ulgamlary we arassa energiýa geçiş mümkinçilikleri seljerildi. Şu ýyl 14-nji gezek taýýarlanan maglumatda dünýäde has ygtybarly, durnukly we elýeterli energiýa geçişde ösüş dowam edýär. Emma bu ösüşiň tizligi peselýär. Maglumatda 120 ýurduň 107-sinde soňky 10 ýylda arassa energiýa geçişde ösüş gazanylypdyr. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyna global maýa goýumyň artmagy we soňky 10 ýylda Sahara çölüniň günortasyndaky Afrikada energiýa öwrülişiginde uly ösüş gazanylypdyr.
Energiýanyň arassa çeşmelerine geçmekde Ýewropa ýurtlary öňdeligi eýeleýär. Ýurtlar babatda aýdylanda bolsa, Şwesiýa, Daniýa, Finlýandiýa, Şweýsariýa we Fransiýa öňdäki orunlara ýerleşipdir.
Begenç SÄHETMYRADOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.