Femarnbelt tunneli arkaly Skandinawiýa we Merkezi Ýewropanyň arasyndaky ýol ep-esli gysgalar. Bu barada “euronews.com” habar berdi. Ýakyn wagtda Daniýa bilen Germaniýany içinden dünýäniň iň uzyn suwasty demirýolydyr awtoulag ýoly geçýän tunnel birleşdirer. Golaýda Daniýanyň Koroly Frederik X Baltika deňziniň astyndan geçýän 18 kilometrlik tunneliň ilkinji şahasyny açdy. Ol Daniýanyň günortasyny Germaniýanyň demirgazygy bilen sepläp, ulag pudagynyň “ýaşyl” relslere geçmegine itergi berer.
2029-njy ýylda açylmagyna garaşylýan Femarnbelt tunneli, ýoluň geçiş wagtyny külterlär. Häzirki wagtda bu ýol gämi bilen 45 minut wagt alýan bolsa, tunnel işe girizilenden soň otly bilen bary-ýogy 7 minut wagt alar. Ol Daniýanyň Rýodbýu şäherini Germaniýanyň Puttgarten şäheri bilen birleşdirer, soňra awtoulag ýoly we demirýol arkaly Merkezi Ýewropa gidip bolar.
Korol Frederik X şu ýylyň ahyrynda Daniýa tarapyndaky deňziň düýbüne guruljak tunneliň ilkinji 217 metrlik böleginiň girelgesindäki tabliçkany açdy. Bu ugry gurýan “Sund & Baelt” kompaniýasynyň wekilleri munuň şu wagta çenli gurlan iň uzyn suwasty tunnel boljakdygyny tassykladylar. Şeýle hem, elektrikleşdirilen demir ýoly bolar. Awtoulaglaryň Baltika deňzini dört zolak boýunça 10 minutda, otlularyň bolsa, ýedi minutda geçmegine garaşylýar.
2011-nji ýylda Daniýanyň günortasyndaky Lolland adasy bilen Germaniýanyň demirgazygyndaky Femarn adasynyň arasynda tunnel gurmak barada karar kabul edildi. Daniýa tarapyndaky işler 2022-nji ýylyň iýul aýynda, nemes tarapyndaky işler bolsa bir ýyl giç başlandy. Fehmarn ugrunyň bahasy 55,1 milliard kron (4,8 milliard ýewro) bolup, daniýaly ulanyjylar tarapyndan tölener. Daniýanyň hökümeti tunnelden geçmek üçin tölegler barada heniz karar kabul etmedi.
Soňky ýyllarda Daniýa goňşusy Şwesiýa bilen we Daniýanyň iki uly adasynyň arasynda awtoulag ýoluny we demirýol aragatnaşygyny ösdürýär. 2000-nji ýylda Oresunn bogazyndan geçýän köpri we tunnel Kopengageni Şwesiýanyň üçünji uly şäheri Malmö bilen birleşdirdi. 1998-nji ýylda Daniýanyň üçünji uly şäheri Odenseniň ýerleşýän Fýun adalary we Kopengageniň ýerleşýän Zelandiýada awtoulag ýoly aragatnaşygy açylyp ulanmaga berildi. Bir ýyl öň bolsa, demirýol aragatnaşygy açylypdy.