Germaniýada geçirilýän 17-nji Ýewropa çempionatynda E toparçada Slowakiýanyň ýygyndysy bilen Ukrainanyň ýygyndysy duşsuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda slowaklar Iwan Şransyň 17-nji minutdaky goly bilen öňe saýlandy. Ol toparynyň Belgiýa bilen geçiren duşuşygynda-da ýeke-täk goly derwezä salyp, toparyna ýeňiş getiripdi. Ýöne bu oýunda ukrainler şowly oýun görkezip, ýeňiş gazanmagy başardy. Oýnuň 54-nji minutynda Şaparenkonyň goly bilen Ukrainanyň ýygyndysy hasaby deňledi. Duşuşygyň tamamlanmagyna 10 minut galanda, has takygy, oýnuň 80-nji minutynda Şaparenkonyň pasyndan soň, Ýaremçuk ukrainlere ýeňiş getiren oýunçy boldy. Şunlukda, Ukrainanyň ýygyndysy şu çempionatdaky ilkinji ýeňşini gazanyp, ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligini dowam etdirdi.