Germaniýada dowam edýän 17-nji Ýewropa çempionatynda “H” toparçada ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan Gruziýa bilen Çehiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Bu olaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolup, oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 1-nji ýarymyň ahyrynda, has takygy, 45+4-nji minutda eminim bellän penaltisini Žorž Mikautadze dürs urup, gruzinleri öňe çykardy. Bu onuň çempionatdaky 2-nji goludyr.
Oýnuň 59-njy minutynda Patrik Şikiň goly bilen hasap deňlendi. Galan minutlarda-da çehleriň gysyşyna gruzinler garşylyklaýyn hüjümleri bilen jogap berse-de hasaby üýtgetmek toparlaryň ikisine-de başartmady. Netijede, duşuşyk 1-1 deňlikde tamamlanyp, debýutant Gruziýanyň ýygyndysy çempionatyň taryhyndaky ilkinji utugyny gazandy.