“Gazprom” we Eýranyň Milli gaz kompaniýasy (NIGC) Russiýa Federasiýasyndan Eýrana turba geçirijileri arkaly tebigy gaz ibermegi guramak boýunça strategik memoranduma gol çekdiler. Bu barada rus kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
“Taraplar memorandumy durmuşa geçirmek boýunça ilkinji gaýragoýulmasyz ädimleriň meselelerini we energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar” diýlip beýanatda bellenilýär.
Eýran Russiýa Federasiýasy, Katar we Türkmenistan bilen bilelikde öz ýurdunda gaz merkezini gurmaga bil baglaýar.
Mundan öň, Eýran bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýakyn wagtda hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekiljekdigi habar berlipdi. Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari resminamanyň mazmun babatda eýýäm taýýardygyny belledi.