5 aýda 16 million syýahatçy kabul etdi

29

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi şu ýylyň ilkinji bäş aýynda ýurda 15 million 784 müň 213 syýahatçynyň gelendigini mälim etdi. şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlarynyň hem 2 million 24 müň 865-i ata Watanlaryna gezelenje gelipdirler. Şeýlelikde Türkiýä ýanwar-maý aýlary aralygynda 17 million 809 müň 78 myhman barypdyr. Diňe maý aýynda bolsa, 5 million 130 müňden gowrak syýahatçy barypdyr. Ýylyň bäş aýynda Türkiýä iň köp syýahatçy goýberen ýurtlaryň arasynda Germaniýa (1 million 123 müň), Russiýa 1 million 78 müň we Eýran 946 müň syýahatçy goýberipdir.