“Forbes” žurnaly her ýyl yzygiderli ýagdaýda dünýäniň iň gurply adamlarynyň sanawyny taýýarlaýar. Neşir geçen ýylyň milliarderleriniň sanawyny taýýarlady. Sanawda jemi 2 müň 871 adam bar. Olaryň 369-sy zenan milliarderler. Sanawdakylaryň sany ozalky ýyldakydan 141 sany köpelipdir. Milliarderleriň umumy baýlygy hem 2 trillion dollar artyp, 14,2 trillion dollara ýetipdir. Lýuks harytlary öndürýän LVMH-niň ýolbaşçysy Bernard Arno 233 milliard baýlygy bilen ikinji gezek bu sanawyň ýokarky basgançagyny eýeläpdir. Meşhur işewür Ilon Mask bolsa 195 milliard dollar baýlygy bilen ikinji bolupdyr. “Amazon”-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos 194 milliard dollary bilen ilkinji üçlüge giripdir. Milliarderleriň bary-ýogy 3,6 göterimi baýlygyny özi gazanypdyr.