Hytaýda 7 ýyllyk gurluşykdan soň Şençžen-Çžunşan täze deňizüsti ýol açyldy. Taslamanyň bahasy 6,7 milliard dollara ýetýär. Durmuşa geçirilen taslamanyň çäginde iki köpri, dünýädäki iň uly demir-beton gurluş bolan 6,8 kilometrlik suwasty tunneli we iki emeli ada bar. Ägirt uly toplumyň esasy bölegi beýikligi 270 m, esasy sütüniň uzynlygy 1666 m bolan Lindinýan köprüsidir. Toplum özüniň polat guty pürsli tehnologiýasy bilen dünýäniň iň uly deňiz asma köprüsi hasaplanýar. Bu awtoulag ýolunyň maksady Şençžen, Çžunşan we Beýik aýlag sebitindäki beýleki şäherleriň arasyndaky baglanyşygy gowulandyrmak bolup durýar. Bu bolsa şäherleriň arasyndaky syýahat wagtyny 2 sagatdan 30 minuda çenli gysgaldýar. 85 milliondan gowrak ilaty bolan bu sebit indi işewürlik we syýahatçylyk üçin has-da elýeterli bolar.
Mährem BABAMYRADOWA,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.