28-nji iýunda Eýranda geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda, 12 million sesiň netijelerinden ugur alanyňda, reformaçy ganatdan dalaşgär bolan mejlisiň öňki deputaty Masud Pezeşkian öňde barýar diýip, ýurduň saýlaw merkeziniň wekili Mohsen Eslami IRIB teleýaýlymynda aýtdy.
32 müň saýlaw uçastogynda berlen sesler sanalandan soň, 5 million saýlawçynyň Pezeşkiýana, 4,875 million adamyň bolsa Eýranyň ruhy lideriniň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşindäki wekili Said Jalilä ses berendigi belli boldy.