Reformaçy ganata degişli Masud Pezeşkiýan Eýranda geçirilen Prezident saýlawlarynda 43,5 göterim ses alyp, 14-nji Prezident saýlawlarynda öňde barýar. Ondan soň 37,7 göterim ses bilen konserwatiw ganatdan Said Jalili gelýär. Bu barada Yslam Respublikasynyň saýlaw merkeziniň wekili Mohsen Eslami mälim etdi.
Eslami bu netijeleri 19, 069, 713 ses sanalandan soň mälim etdi.
Şeýlelik bilen, sesler sanalandan soň Pezeşkiýan 8,302,577 ses alyp, 43,5 göterim bilen öňdeligi eýeleýär. Jalili 7,189,756 sese eýe boldy (37,7 göterim). Muhammet Bager Galibaf 14 göterim (2,676,512 ses) bilen üçünji, Mostafa Purmohammadi bolsa, 0.8 göterim ses bilen dördünji orunda gelýär.
Saýlawda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgär 50+1 göterim sese eýe bolmaly. Birinji tapgyrda hiç bir dalaşgär 50 göterimden köp ses almasa, 5-nji iýulda iň köp ses alan iki dalaşgäriň gatnaşmagynda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler.
Esasy Dünýä täzelikleri Masud Pezeşkiýan 43,5% ses alyp, Eýranyň Prezident saýlawlarynda öňdeligi eýeleýär