Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim ulgamy döwrebap ösüşlere eýe boldy. Esasan hem, döwrüň iň täze gazananlaryndan ugur alnyp, sanly bilim ulgamy ösdürildi. Eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar, iň täze, döwrebap mekdepler gurlup ulanmaga berilýär.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaşlarda halallyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýörelgelerini terbiýelemek, mundan beýläk-de belent borjumyz we baş maksadymyz bolmalydyr».
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda eziz Diýarymyzda hemmetaraplaýyn ösen, kämil ýaşlary terbiýelemek meselesine düýpli we köptaraplaýyn çemeleşilýär.
Häzirki günlerde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde uçurym dabaralary geçirilip başlandy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenilýän ýylynda ýokary okuw mekdepleri tamamlaýan ýaşlar ýaş hünärmen hökmünde öz täze durmuş ýoluna gadam basýarlar.
Ýurdumyzyň dürli ulgamlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşup gelýän baýry bilim ojaklaryň biri hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutydyr. Bilim ojagynda okaýan talyplar uçurym bolmak bilen ýurdumyzyň bilim ojaklarynda we beýleki edaradyr kärhanalarda öz zähmet ýoluny dowam etdirip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşarlar.
TMDDI-niň uçurymlary bolan geljekki mugallymlar, dilçi ýaşlar saýlap alan mugallymçylyk kärinde irginsiz zähmet çekip, ösüp gelýän ýaş neslimize ylym-bilim öwretmekde saldamly goşandyny goşmak ugrunda tagalla ederler.
Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek kämilligiň aýdyň beýanydyr. Dil bilmegiň ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň ähmiýeti uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dillerini bilmek möhümdir. Şeýlelikde, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryň we hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bilim-ylym ulgamyny okgunly ösüşlere gönükdirýän möhüm resminama, ýagny «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýada Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň häzirki ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksady we wezipesi, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary, daşary ýurt dillerini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk, resminamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary, onuň durmuşa geçirilişini maliýeleşdirmek we ondan garaşylýan netijeler beýan edilendir.
Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüşleriň berk binýady bolan ylym-bilim ulgamynda alyp barýan işleriniň mydama rowaç almagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.