Ýewropa çempionatynda çempion Italiýadan soň wise-çempion Angliýa hem tasdan öýüne dolanýardy. Gelzenkirhende 1/8 finalyň çäginde Slowakiýa bilen duşuşan iňlisler soňky sekuntlarda ýeňlişden halas bolup, ýaryşda galmagy başardy. Slowakiýanyň ýygyndysy 25-nji minutda Iwan Şransyň goly bilen öňe saýlandy. Ol çempionatdaky 3-nji goluny geçirip, toparyny 3-nji duşuşykda-da öňe çykardy. Galan minutlarda iňlisler gysyş görkezmäge synanyşdy, slowaklar bolsa garşylyklaýyn hüjümler bilen oýnady. Bu duşuşyk düzümindäki ýyldyzlara garamazdan, owadan, hüjüme baý oýun görkezip bilmeýän Angliýada tälimçi Garet Sautgeýtiň soňky oýny bolup bilerdi. Ýöne ýyldyz oýunçylara iň aýgytlaýjy pursatlarda ýüze çykýandygy üçin, iň kyn pursatlarda baş alyp çykýandygy üçin ýyldyz diýilýär. Eminiň goşan 6 minudynyň soňky 1,5 minudy galanda, burçdan ýerine ýetirilen urguda Altyn top baýragynyň nobatdaky eýesi hökmünde görülýän Jud Bellingam topy üstaşyr ýagdaýda derwezä gönükdirip, toparyny ýaryşda alyp galdy. Bu iňlisleriň şu duşuşykda derwezä urlan ilkinji takyk urgusy boldy. 90+5-nji geçirilen bu goldan soň motiwasiýa babatda özüni dürsän iňlisler moral taýdan janlandylar we goşmaça 30 minudyň hem ilkinji minudynda öňe saýlandy. Bu goly oýna soň goşulan 2 futbolçynyň goşandy bilen Harri Keýn derwezä girizdi. Bu onuň milli topardaky 65-nji, şol sanda şu möwsümde umumylykda 51-nji goly hökmünde hasaby alyndy.

Şeýlelikde, futbol häzirlikçe watanyna dolanman, içgysgynç oýnuna garamazdan, kynlyk bilenem bolsa azyndan 6-njy iýula çenli Germaniýada galmagy başardy. Olar çärýek finalda Şweýsariýa bilen duşuşar.

Ilkinji gezek agza-burna gelen çärýek finala çykmak mümkinçiligini elden gideren slowaklar ýene bir ýola uly ýaryşda iň gowy 8 toparyň arasyna düşmek başartmady.