28-nji oktýabrda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa — bilim, ylym we innowasiýalaryň täze giňişligi» atly halkara bilim forumy geçirildi. Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Ministr öz çykyşynda forumy guraýjylara hoşallyk bildirip, sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. Çykyşda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler, şol sanda 2026–2052-nji ýyllar üçin ýokary bilimi ösdürmek Strategiýasy we täze kabul edilen döwlet maksatnamalary bellenip geçildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň halkara ylmy-bilim ýaşlar klasterlerini döretmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi.
Çykyşda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, şol sanda «Awazada» gol çekilen täze ylalaşyklar, rektorlaryň forumlary we talyplaryň alyş-çalşygy ýaly möhüm ugurlar nygtaldy.
Şeýle hem sanly ulgama geçmek boýunça gazanylan üstünlikler, şol sanda «Elektron mekdep», «Elektron talyp» ulgamlary, 11 pudagy we 156 sany täze hünäri öz içine alýan «Geljekki hünärleriň atlasy», BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde adam maýasyny strategik meýilleşdirmegiň taslamasynyň taýýarlanylýandygy mälim edildi.
Sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistan birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi.
Türkmenistanyň bilim ministri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilim diplomatiýasyny mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi