Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ŞHG-niň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Bu Sammit Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär.
Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň Sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri howa menzilinden Döwlet kabulhanasyna ugrady.