Şu gün As­ta­na­da iş sa­pa­ry bi­len bol­ýan türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (ŞHG) Sam­mi­ti­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän we­ki­li­ýet Baş­tu­tan­la­ry­nyň «ŞHG+» gör­nü­şin­dä­ki du­şu­şy­ga gat­naş­ýar.
Sam­mi­te gat­naş­mak üçin As­ta­na ŞHG-niň ag­za döw­let­le­riň hem-de bu Gu­ra­ma­nyň syn­çy­la­ryň we dia­log bo­ýun­ça hyz­mat­daş­la­ryň de­re­je­si­ne eýe bo­lan ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry gel­di­ler. Şeý­le hem fo­ru­ma hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, şol san­da BMG-niň Baş sek­re­ta­ry ça­gy­ryl­dy.
ŞHG-niň he­mi­şe­lik esas­da he­re­ket ed­ýän hö­kü­me­ta­ra hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­dy­gy­ny ýat­lad­ýa­rys. Onuň işi­niň esa­sy we­zi­pe­le­ri se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­dan hä­zir­ki döw­rüň howp­la­ry­na hem-de we­him­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek mak­sa­dy bi­len ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek­den sy­ýa­sy ul­gam­da oňyn dia­lo­gy, ne­ti­je­li söw­da-yk­dy­sa­dy we yl­my-teh­ni­ki hyz­mat­daş­ly­gy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­den yba­rat­dyr. Şu ýyl ŞHG-de Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy baş­lyk­lyk ed­ýär.