Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ýaş­la­ryň bi­lim­li, ylym­ly, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn, hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil, wa­tan­sö­ýü­ji hem-de yn­san­per­wer şah­sy­ýet­ler hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gi üçin äh­li şert­ler­dir müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýaş ra­ýat­la­ryň kons­ti­tu­si­on hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek we ony dur­mu­şa ge­çir­mek üçin hu­kuk, dur­muş-yk­dy­sa­dy, gu­ra­ma­çy­lyk şert­le­ri­ni, ke­pil­lik­le­ri­ni dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da tas­syk­la­nan «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da» hem-de ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­syn­da, şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VII gu­rul­ta­ýyn­da hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çe­kip tas­syk­lan «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tä­ze re­je­le­nen gör­nü­şin­de be­ýan edil­ýän we­zi­pe­ler, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mu­ny türk­men ýaş­la­ry­nyň dur­mu­şy­nyň äh­li çy­gyr­la­ryn­da üp­jün edi­len müm­kin­çi­lik­ler do­ly tas­syk­la­ýar. Şun­da ýur­du­myz­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri hök­mün­de pu­dak­la­ýyn gat­na­şyk­lar bi­len saz­la­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty hem oňyn ne­ti­je­le­ri we äh­mi­ýet­li iş­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ýaş ra­ýat­la­ryň dur­muş go­rag­ly­ly­gyn­dan baş­lap, ola­ryň jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry bi­lim­li we hü­när taý­ýar­lyk­ly nes­li ke­ma­la ge­tir­mek we­zi­pe­le­ri­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­le­şil­ýär we bu ugur­da ne­ti­je­li çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VII gu­rul­ta­ýyn­da we on­da ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň tek­lip­le­ri esa­syn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň ka­bul edil­me­gi hem ýaş­la­ry­myz üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­le­riň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­di.
Geç­mi­şi şöh­rat­ly, azym-azym şä­her­le­ri bi­len Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gin­de ýer­le­şen ga­dy­my Di­ýa­ry­myz­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de tä­ze ta­ryh ýa­zyl­ýar. Heň­ňam­la­ra şan ber­ýän, kö­ňül­le­re, ýü­rek­le­re or­na­ýan tä­ze ta­ry­hyň şöh­rat­ly sa­hy­pa­la­ry­ny be­ýik şah­sy­ýet­ler dö­red­ýär­ler. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bin­ýa­dy­ny berk­den go­ýan Ber­ka­rar döwletiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň owa­za­sy, şan-şöh­ra­ty be­lent şy­gar­la­ra bes­le­nip, ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry­na zer harp­lar bi­len mö­hür­len­ýär. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da uly üs­tün­lik­le­re, ro­waç­lyk­la­ra bes­le­nip gel­ýän ýyl­la­ry şan­ly şy­gar­lar bi­len at­lan­dyr­mak­lyk asyl­ly dä­be öw­rül­di. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ka­ra­ry bi­len, 2024-nji ýy­lyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­me­gi tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da hal­ky­my­zyň be­ýik şa­hy­ry hem-de akyl­da­ry, dö­re­di­ji­li­gi umu­ma­dam­za­dyň ru­hy gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len da­na Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň sar­pa­sy­nyň has hem be­lent tu­tul­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne-de bir aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýi­ti ze­hi­nin­den, jöw­her paý­ha­syn­dan ke­ma­la ge­len «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» goş­gu­syn­dan ugur alyp, 2024-nji ýy­lyň Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly at­lan­dy­ryl­ma­gy hal­ky­my­zy, esa­san hem, bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zy äh­li ugur­lar ba­bat­da tä­ze üs­tün­lik­le­re, iş­le­rin­de dö­re­di­ji­lik­li çe­me­leş­me­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne biz, hormatly Prezidentimiziň il­kin­ji ese­ri «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly ki­ta­byn­da: «Biz ýaş ra­ýat­la­ryň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, ýaş ça­tyn­ja­la­ra gol­daw ber­mek, ola­ry hä­zir­ki za­man ýa­şa­ýyş ja­ýy bi­len üp­jün et­mek, ýaş­la­ryň te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­ziň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňeld­ýä­ris. Ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ýaş­lar bi­len iş­leş­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len gu­ra­ma­la­ryň işi­ni güýç­len­dir­me­gi, hu­kuk esas­la­ry­ny we ma­li­ýe me­se­le­le­ri­ni gel­jek­de hem kä­mil­leş­dir­me­gi mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýa­ryn» di­ýen söz­le­rin­de hem göz ýe­tir­ýä­ris. Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän döw­re­bap bi­lim al­ma­gyn­da, saý­lap alan hü­när­le­rinden bi­lim­le­ri­ni art­dyr­ma­gyn­da, ýaş ne­sil­le­riň yl­my-dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­ne hö­wes­len­me­gin­de, dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry­nyň gi­ňel­me­gin­de we öz­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­me­gin­de, be­den­ter­bi­ýe, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mek baş we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş­la­ryň ha­ky­ky wa­tan­çy­lyk, ýo­ka­ry ru­hy-ah­lak we me­de­ni gym­mat­lyk­lar, pa­ra­sat­ly halk däp-des­sur­la­ry­na, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­nil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Ýur­du­myz­da ýaş­la­ra döw­le­tiň gel­jek­ki ösüş­le­ri­niň bin­ýa­dy­ny goý­jak, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da zäh­me­ti gu­ra­mak­dan baş­lap, do­lan­dy­ry­jy we­zi­pe­ler­de iş­le­jek yn­san­la­ryň «al­tyn gaz­na­sy» hök­mün­de ga­ral­ýar. Şu jä­het­den, döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hem ýaş­la­ra ba­gyş­la­nyl­ýar. Bu gö­nü­den-gö­ni ola­ryň hu­kuk­la­ry, dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy we gel­je­gi bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de Py­ra­gy­nyň ar­zuw eden ber­ka­rar döw­le­ti Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­sy bi­len wy­sa­ly­na go­wuş­ýar. Ag­zy­bir, zäh­met­sö­ýer türk­men hal­ky we za­ma­na­my­zyň baý­dak gö­te­ri­ji­le­ri bo­lan ýaş­lar döw­le­ti­mi­ziň ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap be­dew ba­dy bi­len öňe git­me­gin­de öz­le­ri­niň päk zäh­me­ti, ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri ar­ka­ly uly go­şant goş­ýan­dyk­la­ry­na buý­sa­nyp ýa­şa­ýar­lar.

Döw­let­gel­di DUR­DY­MU­HAM­ME­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň
baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry.