Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ry do­wam et­di­ril­ýär. Bu tap­gy­ryn­da umu­my bi­lim ber­ýän mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, Sag­lyk öý­le­ri­niň, aw­to­park­lar­dyr aw­tou­lag men­zil­le­ri­niň we beý­le­ki bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
Gu­rul­jak des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da de­mir­ýol men­zi­li­niň bi­na­sy aý­ra­tyn or­na eýe­dir. «Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, bu de­mir­ýol men­zi­li Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky il­kin­ji «akyl­ly» de­mir­ýol men­zi­li bo­lar.
Men­zi­li­niň 2 gat­ly bi­na­sy­nyň be­ýik­li­gi 20 metr bo­lup, ol sa­gat­da 50 ýo­lag­ça hyz­mat eder. On­da «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ha­bar be­ri­ji elekt­ron tab­lo­lar ýer­leş­di­ri­ler, «akyl­ly» wi­deo­gö­zeg­çi­lik or­naş­dy­ry­lar.
Per­ro­nyň üçek­le­ri ho­wa şert­le­ri bi­len bag­ly­lyk­da özi açy­lar we ýa­py­lar. Ýo­lag­çy­lar üçin myh­man­ha­na, sag­lyk no­ka­dy bo­lar. De­mir­ýol men­zi­li­niň dü­zü­min­de teh­ni­ki hyz­mat ediş bi­na­sy, bas­syr­ma­ly aw­to­du­ral­ga, köp­ri, açyk aw­to­du­ral­ga­lar, ýö­ri­te­leş­di­ri­len teh­ni­ka­lar üçin bö­lü­mi gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
De­mir­ýol men­zi­li­niň gur­lu­şy­gy­ny Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­men­de­mi­ry­ol­la­ry» gul­lu­gy­nyň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da «Ul­gam gur­lu­şyk» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ýe­ri­ne ýe­ti­rer.