Dün­ýä­de, tak­my­nan, 7 müňden gowrak bo­lup, dil­ler gram­ma­tik gur­lu­şy we ula­ny­lyş ge­ri­mi taýdan ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Kä­bir dil hal­ka­ra dil hök­mün­de ykrar edilen bol­sa, kä­bir dil diňe bel­li bir se­bit­de ulanylýar. Umu­man, is­len­dik dil nä­çe ula­ny­jy­sy­nyň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan me­de­ni baý­ly­gy ýü­ze çy­kar­mak­da, bi­rek-bi­rek bi­len dü­şü­niş­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Is­len­dik adam­da sy­ýa­hat et­mek is­le­ýän ýur­dy, to­ma­şa ed­ýän fil­min­dä­ki adam­lar hem-de okan çe­per eser­le­rin­dä­ki wa­ka­lar ba­ra­da gy­zyk­lan­ma dö­räp, şo­la­ryň di­li­ni öw­ren­mä­ge gi­ri­şip bi­ler. Dil özü­ne çe­ki­ji ara­gat­na­şyk se­riş­de­si bo­lup, soň­ky ýyl­lar­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­re­ni­ji­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Dil öw­ren­ýän­le­riň ag­la­ba bö­le­gi dün­ýä­de iň köp ula­nyl­ýan dil­le­riň haý­sy hem bol­sa bi­ri­ni öw­re­ne­ni­ni kem gör­me­ýär. Kä­bir dil öw­re­ni­ji­ler öw­ren­ýän di­li­niň aň­sat­ly­gy­na ýa-da kyn­dy­gy­na se­red­ýär. Siz tä­ze dil öw­ren­mek is­le­ýä­ňiz­mi? On­da il­ki bi­len 2024-nji ýylda iň köp gep­le­şil­ýän dil­ler bi­len ta­nyş bo­luň!

Iň­lis di­li (1,452 milliard). Dün­ýä­de iň köp ula­nyl­ýan dil­le­riň il­kin­ji­si bo­lan iň­lis di­lin­de 1,5 mil­liard tö­we­re­gi adam gep­leş­ýär. Hal­ka­ra işe­wür­lik­den baş­lap, sy­ýa­hat­çy­lyk we teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da iş­jeň ula­nyl­ýan bu di­le her üç adam­dan bi­ri dü­şün­ýär. In­ter­net ul­ga­myn­da­ky mag­lu­mat­la­ryň 60 gö­te­rim­den gow­ra­gy iň­lis di­lin­de bo­lup, dün­ýä­niň 372 mil­li­on ýa­şaý­jy­sy iň­lis di­li­ni ene di­li ha­sap­la­ýar.
Man­da­rin di­li (1,118 milliard). Dün­ýä­de man­da­rin di­lin­de dü­şü­niş­ýän­le­riň umu­my sa­ny­na se­ret­seň, iň köp gep­le­şil­ýän dil ha­sap­lan­ýar. Bu dil­de gep­leş­ýän­le­riň sa­ny 1 mil­liard­dan geç­ýär. Hy­taý­da ikin­ji dil hök­mün­de ula­nyl­ýan bu di­li 929 mil­li­on adam öz ene di­li ha­sap­la­ýar. Man­da­rin­çe as­lyn­da öz­baş­dak dil bol­man, hy­taý di­li­niň bir şi­we­sidir.
Hin­di di­li (602 mil­li­on). Hin­di di­li iň­lis di­li bi­len bir­lik­de dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hin­dis­ta­nyň 22 res­mi di­li­niň bi­ri­dir. 343 mil­li­on ila­tyň öz ene di­li ha­sap­la­ýan hin­di di­lin­de 602 mil­li­on­dan gow­rak adam gep­leş­ýär. Hin­dis­tan­dan baş­ga-da, Ne­pa­lyň ila­ty­nyň dört­den bir bö­le­gi hin­di­çe gep­leş­ýär. Hin­dis­tan­da 121-den gow­rak dil ula­nyl­ýar.
Is­pan di­li (548 mil­li­on). Is­pan di­li ene di­lin­de gep­leş­ýän­le­riň sa­ny bo­ýun­ça ikin­ji orun­da dur­ýar. 474 mil­li­on­dan gow­rak ila­tyň ene di­li ha­sap­lan­ýan is­pan­ça ro­man­tik dil­le­riň bi­ri­dir. In­ter­net­de iň köp ula­nyl­ýan üçün­ji dil bo­lan is­pan­ça­da 548 mil­li­on­dan gow­rak adam gep­leş­ýär. Is­pan di­li di­ňe bir Ispaniýadyr Ame­ri­ka­da däl, Af­ri­ka­dyr Azi­ýa ýurt­la­ryn­da hem ula­nyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de 21 sa­ny is­pan dil­li ýurt bar.
Fran­suz di­li (280 mil­li­on). 274 mil­li­on­dan gow­rak adam dün­ýä­de iň owa­dan dil­de – f­ran­suz­ça gep­leş­ýär. Hä­zir­ki wagt­da 29 sa­ny fran­suz dil­li ýurt bo­lup, 80 mil­li­on tö­we­re­gi ilat «aşyk-mag­şuk­la­ryň di­li­ni» öz ene di­li di­ýip tas­syk­la­ýar. Iň­lis di­li işe­wür­lik di­li bol­sa, fran­suz­ça me­de­ni­ýet di­li ha­sap­lan­ýar. Fran­suz di­li iň köp gep­le­şil­ýän dil­le­riň ara­syn­da üçün­ji orun­da dur­ýar.
Arap di­li (274 mil­li­on). Hä­zir­ki za­man arap di­li 22 ýurduň ýe­ke-täk res­mi di­li bo­lup, iň köp şi­we­si bo­lan dil ha­sap­lan­ýar. Bu dil­de gep­leş­ýän­le­riň sa­ny 274 mil­li­on­dan gow­rak bo­lup, arap di­li Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da­ky hal­ka­ra dil­le­riň bi­ri­dir. Hä­zir­ki za­man arap di­li met­bu­gat­da, te­le­ýaý­lym­larda we sy­ýa­sy ýyg­nak­lar­da ula­nyl­ýar. Arap ýurt­la­ry­nyň ýa­şaý­jy­la­ry öz ara­la­ryn­da arap di­li­niň şi­we­le­ri­ni ulan­ýar­lar, em­ma hä­zir­ki za­man arap di­lin­de gep­leş­me­ýär­ler. Eger arap di­li­ni öz­leş­dir­mek is­le­ýän bol­sa­ňyz, il­ki arap di­li­niň şi­we­le­ri bi­len tan­şyp, soň­ra hä­zir­ki za­man arap di­li­ni öw­re­nip bi­ler­si­ňiz.
Ben­gal di­li (272 mil­li­on). Ban­g­la­de­şiň res­mi di­li bo­lan ben­gal­ça­da Bang­la­deş­de, Hin­dis­tan­da we Mýan­ma­da gep­le­şil­ýär. Şeý­le ki­çi­jik se­bit­de ula­nyl­ýan di­liň dün­ýä­de iň köp gep­le­şil­ýän dil­le­riň biri bol­ma­gy geň gal­dy­ry­jy ha­dy­sa­dyr. Gür ilat­ly se­bi­tiň 233 mil­li­on­dan gow­rak ýa­şaý­jy­sy ben­gal­ça­ny öz ene di­li ha­sap­la­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ben­gal­ça­da gep­leş­ýän­le­riň sa­ny 272 mil­li­on­dan geç­ýär.
Rus di­li (258 mil­li­on). 4 ýur­duň res­mi di­li ha­sap­lan­ýan rus di­li dün­ýä­niň 19 ýur­dun­da ula­nyl­ýar. 154 mil­li­on ila­tyň ene di­li ha­sap­lan­ýan rus­ça­da 258 mil­li­on­dan gow­rak adam gep­leş­ýär.
Por­tu­gal di­li (257 mil­li­on). Bu dil Por­tu­ga­li­ýa­da, Ýew­ro­pa­da, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da, Af­ri­ka­da we Azi­ýa­da giň­den ula­nyl­ýar. 232 mil­li­on ila­tyň ene di­li bo­lan por­tu­gal­ça 9 ýur­duň res­mi di­li ha­sap­lan­ýar. Por­tu­gal di­lin­de iň köp gep­le­şil­ýän ýurt Bra­zi­li­ýa bo­lup, bu dil­de umu­my gep­leş­ýän­le­riň sa­ny 257 mil­li­on­dan geç­ýär.
Ur­du di­li (231 mil­li­on). Pa­kis­ta­nyň iki res­mi di­li­niň bi­ri bo­lan, Hin­dis­ta­nyň kä­bir se­bi­tin­de ula­nyl­ýan ur­du di­lin­de 231 mil­li­on­dan gow­rak adam gep­leş­ýär. 70 mil­li­on ila­tyň ene di­li ha­sap­lan­ýan ur­du di­lin­de pars elip­bi­ýi ula­nyl­ýar.