Tebigatda dürli-dürli jandarlar we mör-möjekler duş gelip, käte olary bir-birinden saýgarmakda kynçylyk döreýär. Şeýle mör-möjekleriň biri hem «macroglossum stellatarum» diýlip atlandyrylýan kebelek bolup, uzakdan seredeniňde guşa meňzeýär. Göwresi agymtyl-gara bu kebelegiň guşuňka meňzeş mämişi-goňur ganaty bolup, gülleriň nektaryny sorýan uzyn holtumy bar. Köplenç awgust aýynda köpelýän bu kebelekler sentýabr-oktýabr aýlary tokaýa ýaýraýar. Bu kebelekler liçinkalaryny agajyň köweklerinde, diwaryň aralarynda, ýere düşen ýapraklaryň içinde taşlaýarlar.
Guşkebelegiň ululygy ortaça bolup, ganatynyň uzynlygy 5 santimetre ýetýär. 6 aýakly bu kebelegiň maňlaýynda 2 sany «şahy» hem-de uzyn holtumy bar. Her ýyl Günorta Ýewropadan Demirgazyk Afrika uçup gidýän guşkebelek Angliýanyň «ýerli ýaşaýjysy» hasaplanýar. Bu kebelekler bir-biri bilen habarlaşmak üçin wyzzyldyly sesleri ulanýarlar. Guşkebelegiň täsin tarapy sekuntda 85 gezek ganat kakyp bilmegidir. Tebigatda seýrek duş gelýän guşkebelek daşky görnüşi we täsin hereketleri bilen tebigaty öwrenijileriň ünsüni özüne çekýär.