EURO 2024-iň ýyldyzlaryndan gruziýaly hüjümçi Žorž Mikautadze Niderlandlaryň “Aýaks” toparyndan Fransiýanyň “Lion” toparyna geçdi. “Monako” bilen hem şertnama baglaşmaga golaýlaşan 23 ýaşyndaky oýunçy soňky pursatda “Liony” saýlady. “Lion” Mikautadzeniň transferi üçin “Aýaks” toparyna 18,5+4,5 million ýewro berer. Ol täze kluby bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Mikautadze geçen möwsümde “Ligue 1”-de 20 duşuşykda 13 goly derwezä girizdi.