Doňdurmasyz tomus, göýä jadysyz erteki ýalydyr. Gadymy döwürlerden bäri bu lezzetli tagamy uludan-kiçä hemmeler halaýar. Yssy günlerde halanyp iýilýän bu tagamyň onlarça görnüşi bar. Rowaýata görä, gadym döwürde hytaý imperatory aşpzlerine tomsuň jöwzaly yssysynda salkynlyk berýän tagam oýlap tapmagy buýrupdyr. Aşpezler birnäçe miweleri dograp, olary gar bilen garyşdyrypdyrlar. Bu tagam imperatoryň göwnünden turupdyr we bu tagamyň taýýarlanylyşy köp wagt syr hökmünde saklanypdyr. Hytaýdan italýan konditerlere bu agamy dünýä belli syýahatçy Marko Polo getiripdir. Italýan konditerleri doňdurma süýt goşmagy oýlap tapypdyrlar. Soňlugy bilen bu lezzetli tagam Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna hem ýaýrapdyr. Şondan bäri doňdurma taýýarlanyş usuly dürlüçe bolup, dünýäde onuň birnäçe görnüşleri peýda bolupdyr.
Doňdurmanyň her görnüşiniň öz aýratynlygy bar: ýumşak gaýmakly (kremli), miwe tagamly, şokoladly…
Häzirki wagtda diňe bir doňdurmanyň özi däl, eýsem onuň hödürlenişi hem möhümdir. Doňdurma üçin ýörite tabaklarda ýa-da wafli käselerde, hoz we miweleriň goşulmagy bilen, doňdurma gözüň we gastronomiki duýgularyň göwnünden turýan hakyky ajaýyp tagamlaryň birine öwrülýär. Belläp geçişimiz ýaly, bu lezzetli tagamyň köp görnüşi bar, olaryň hersiniň aýratynlygy we üýtgeşik tagamy bar. Dondurmanyň iň meşhur görnüşleri:
Gaýmakly doňdurma: nusgawy görnüşleriň biri bolmak bilen hemişe isleg bildirilýän görnüşleriň biridir. Köplenç beýleki doňdurma görnüşleri üçin esas hökmünde ulanylýar ýa-da özbaşdak sarp edilýär.
Miwe doňdurmasy: serginlediji we ýeňil. Ol ter miwelerden ýa-da miweleriň püresinden taýýarlanylýar. Meşhur görnüşlere ýertudana, malina, şetdaly we başgalar girýär. Doňdurmanyň bu görnüşi ter we tebigy tagamlary halaýanlar üçin has oňaýlydyr.
Sorbet: esasan miwe püresi, suw we şekerden ybarat serginlediji desert doňdurmasy. Ol süýtsüz we ýeňil. Doňdurmanyň sorbet görnüşi wegetarianlar we pes kalorili desertleri halaýanlar üçin örän amatlydyr.
Želato: adaty doňdurma garanyňda has doýumly we köp kremli. Italýanlara mahsus bolan bu tagam elin sygyr süýdünden, şekerden, şeýle hem ir-iýmişlerden, hozdan, şokoladdan we ter miwelerden taýýarlanýar.
Taýajykly doňdurma: Adatça inçe taýajykda doňdurylan doňdurma bolýar. Bu, çagalaryň arasynda iň meşhur görnüşleriň biridir. Ol miwe, şokolad we hoz görnüşlerini öz içine alýan dürli tagamlary we şekilleri hödürleýän görnüşdir.
Plombir: ýagly süýt önümleriniň köp mukdaryny özünde jemleýän ýokary hilli doňdurma. Bu doňdurma ýumurtganyň sarysy hem goşulýar. Plombirleri ýylyň islendik paslynda söwda nokatlaryndan tapmak bolýar.
Ajap Rejepowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.