ABŞ-nyň Günorta Dakota ştatynyň Rapid-Siti şäherinden bolan 17 ýaşly Ruben Luks 161 sm saçy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol 146 sm bolan hindistanly Sidakdip Singh Çahalyň rekordyny täzeledi. Ilkibaşda ene-atasy oglanyň saç alýan maşinkadan gorkýandygy sebäpli onuň saçyny kesmändirler. Luks ulalandan soňra hem öz halkynyň däplerine laýyklykda saçyny ösdürmegini dowam etdiripdir. Ýetginjegiň aýtmagyna görä, lakota halkynyň medeniýetinde şeýle uzyn saçlar olaryň ruhunyň bir bölegi hasaplanýar. Şunlukda ýigit öz halkynyň däp-dessurlaryny şu esasda dowam etdirýär. Ol adatça her gün irden 20 minut wagtyny saçyny şampun bilen ýuwmaga sarp edýär, 1 sagadyň dowamynda hem guradyp çözleýär, 10 minutda hem daraýar we örýär. Oglanyň bu saç rekordyny hasaba almak üçin onuň saçy 3 gezek ölçenildi, iň soňunda hem 161 sm ortaça görkeziji alyndy. Ähli ýaşdaky erkek adamlaryň arasynda saç uzynlygy boýunça rekord Madrasdaky (Hindistan) Tirudaduturaý monastyrynyň ruhanysy Swami Pandarasannadhä degişli bolup, onuň saçynyň uzynlygy 1949-njy ýylda 7,9 metrdi. Umumy ýetginjekleriň arasyndaky iň uzyn saç bolsa hindistanly gyz Nilanşi Patelde degişli hasaplanyp, onuň saçynyň uzynlygy laýyk 2 metr bolupdyr. Ol uzyn saçyny 2021-nji ýylda kesip muzeýe bagyş etdi.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.