Alymlar 1500 ýyl mundan ozal ýaşap geçen gadymy müsürli zenanyň mumiýasy esasynda onuň 3D keşbini döretdiler. Braziliýanyň meşhur 3D dizaýneri Sisero Morais barlagçylar topary bilen bilelikde dikeldiş işini amala aşyrdy. Hünärmenler sanly portreti döretmek üçin zenanyň kelleçanagyny öwrendiler.