Üstümizdäki ýylda Russiýa Federasiýasy bugdaý hasylynda rekord goýdy. 130 million tonna bugdaý hasyly ýygnalyp, ol öňki soýuz döwründäkiden hem köp mukdardadyr. Russiýa eýýäm geçen ýyl bu ugurdaky däp bolan bäsdeşi ABŞ-dan öňe saýlanypdy. Şeýlelikde, soýuz döwrüniň rekordy täzelendi. 1978-nji ýylda 127 million tonna bugdaý ýygnalypdy. Russiýa bugdaý eksportuny 45 million tonna çenli ýetirmäge mümkinçilik aldy.
Çilide Prezident saýlawynyň ikinji tapgyry geçirildi. 14,35 million saýlawçynyň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlarda ozalky Prezident Sebastýan Pinýera ýeňiş gazandy. Ol sesleriň 54,57 göterimini eýeledi. Onuň garşydaşy Alehandro Gilýer ýeňlişe sezewar bolandygyny mälim etdi. Saýlawlaryň birinji tapgyry 19-njy noýabrda geçirilipdi. 2010-2014-nji ýyllarda döwlet baştutany wezipesinde işlän 68 ýaşly işewür Sebastýan Pinýera 2018-nji ýylyň 11-nji martynda täze wezipesine girişer.
42 gün 16 sagat 40 minut 35 sekuntda Ýer şaryna aýlanyp çykdy. Bu rekord fransuz ýahta türgeni Fransua Gabara degişlidir. Ol geçen ýylyň dekabr aýynda öz watandaşy Tom Kowiliň 49 gün 3 sagat 7 minut 38 sekuntlyk netijesinden öňe saýlanmagy başardy. Gabar şu ýylyň 4-nji noýabrynda Fransiýanyň Brest şäherinden ýüzüşe başlap, öz başyna Atlantik ummanyny ýüzüp geçmegi başardy. Ol umumylykda 40 müň kilometr ýol geçdi.
Ispaniýanyň ýaşaýjysy hem-de Ýewropanyň iň garry raýaty Ana Wela 116 ýaşynda aradan çykdy. Ol 2005-nji ýyldan bäri Barselona şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýardy. 1901-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda dünýä inen Ana Wela uzak ýyllaryň dowamynda azyk harytlary dükanynyň müdiri bolup işledi. Ol 4 çaganyň ejesidir. Geçen ýyl aprel aýynda italiýaly Emma Morana 117 ýaşynda aradan çykandan soňra Ýewropanyň iň garry ýaşaýjysy hökmünde hasaba alnypdy.
31 ýaşly Sebastýan Kurs Awstriýanyň Kansleri wezipesine bellendi. Ol dünýäniň iň ýaş hökümet baştutany boldy. Ol mundan ozal, Awstriýanyň daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirip, bu ugurda-da dünýäniň iň ýaş daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy boldy.
Italiýanyň Milan şäherinde Roždestwo baýramçylygy mynasybetli dünýäniň iň uly keksi taýýarlandy. 140 kg agramlykdaky keksi 4 günde bişirdiler. Ol şäheriň söwda galereýasyna getirilip, 1200 bölege bölündi we ýerli ýaşaýjylara hem-de syýahatçylara paýlandy.
Oksford sözlüginiň redaktorlary 2017-nji ýylyň täze sözüni mälim etdiler. Ol “youthquake” boldy. Bu söz terjime edilende ýaşlaryň tagallasy bilen syýasy, medeni we durmuş ulgamynda emele gelen möhüm özgertme manysyny berdi. Bu söz “earthquake” (ýertitreme) hem-de “youth” (ýaşlar) sözlerinden emele geldi. Oksford sözlüginde her ýyl “ýylyň iň esasy sözi” saýlanýar.
Şwesiýanyň hökümeti pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak baradaky kanuny tassyklady. Mundan beýläk, pensiýa ýaşy 61-den 64-e ýetirildi. Bu kanun taslamasy Şwesiýanyň saglygy goraýyş we durmuş meseleleri boýunça ministri Annika Strandholl hem-de maliýe bazary boýunça ministri Per Bolund tarapyndan öňe sürüldi. Pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak baradaky gepleşikler birnäçe ýyldan bäri dowam edýär. 2012-nji ýylda Premýer-ministr Fredrik Reýnfeldt bu görkezijini 75 ýyla çykarmagy teklip edipdi.
Şweýsariýanyň Şwis şäherinden Ştoos obasyna çenli dünýäniň iň çylşyrymly tanap ýoly çekildi. 1738 metr uzynlykda 743 metr beýiklige tanap ýoly arkaly 4 minutda çykmaga mümkinçilik döredi. Bu taslamanyň açylyş dabarasyna Prezident Doris Loýthard gatnaşdy. Täze tanap ýoly, 1933-nji ýylda gurlan ozalky ýoluň ornuny eýelär. 52,6 mln $ sarp edilen taslama 14 ýylda amala aşyryldy. Dik gaýalyklarda tanap ýoluny çekmek kynrak boldy. Ştoos obasy kiçiräk dag-lyža şypahana merkezidir. Bu obada 100-den gowrak adam ýaşaýar.
Türkiýäniň Stambul şäherleriniň Üsküdar we Ümraniýe etraplarynyň arasynda ýurduň ilkinji sürüjisiz metro gatnawy ýola goýuldy. Ol 20 km-lik ýoluň 10,5 km-ini tutýar. 800 million ýewro möçberindäki taslamany dolulygyna 2018-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu ýoluň ugrunda 16 stansiýa bolar. Stambul metrosynyň uzynlygy 167 km-dir. 2023-nji ýyla çenli bu görkezijini 1000 km-e ýetirmek göz öňünde tutulýar. Stambuldan başga-da Kopengagen, Pariž, London, Barselona, Toronto, Las-Wegas, Tokio we Singapur ýaly iri şäherlerde sürüjisiz metro hereket edýär.
Russiýa bilen Müsüriň arasyndaky howa gatnawlary täzeden ýola goýlar. Bu barada Russiýanyň ulag ministri Maksim Sokolow bilen Müsüriň raýat awiasiýa ministri Şerif Fathiniň arasynda iki ýurduň arasyndaky howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek baradaky ylalaşyga gol çekildi. Howa gatnawlaryny 2018-nji ýylyň 1-nji fewralyndan ýola goýmak göz öňünde tutuldy. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň golaýda Müsüre bolan saparynda bu barada degişli ylalaşyga gelnipdi. Iki ýurduň arasyndaky howa gatnawlary 2015-nji ýylda ýatyrylypdy.